Surat

Içerki iş duzagy

Ýaragly ýa ýaragsyz,
kanunlaryň adyndan,
arka diräp döwlete,
döwletdigin unudan,
ýa maşgala, maşgala
manysyny ýitiren,
garaw görmän gullukçy
zulum etse adama,
çaga-çuga, aýala,
ýa erkege, erkini,
ygtyýaryn ogurlap,
gulak asman gepine,
daňman daňyp ellerin,
lal-jim edip dillini,
basmak aşak egninden,
gömmek okuw ýoluny,
açyp diňe baý, bege,
zäherlemek milleti,
arak, tirýek getirip,
işsiz goýup entetmek,
ýazýan bolsa, ýazdyrman,
gurýan bolsa, gurdurman,
ekýän bolsa, ekdirmän,
bakýan bolsa, bakdyrman,
baş egdirmek öňüňde,
gitjek bolsa sowulyp,
mellegiňe giren dek,
tutmak, atmak, öldürmek,
adalatyň adyndan,
adalaty basgylap,
ýurt içinde, daşynda,
maşgalada, hiç haçan
bolup bilmez içki iş,
goşulmasyz, barmasyz,
ýok, diýseňiz maňa ne,
soňy gelmez gaharyň,
öýke-kine gutarmaz,
ýigrenç bagy gül açar,
gulp urular kän gapa,
poslap galar kän açar...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026