Ýurt duzagy

Ýüzümizden, gözümizden
gygyryp dur, bagyryp dur,
içde galan arzuw, arman,
ýüregimiz iýýän günde,
ýa gemirýän jigerimiz,
nirede bol, tanaýan bar,
salam-helik, görüşýärsiň,
soraşýarsyň hal-ahwalyn,
ýolda, yzda gören diýýär,
näme boldy, eýgilikmi,
bolan zat ýok, şo bir ýagdaý,
halkymyz aç, çäresi ýok,
basyp alyp özüniňki,
jylawlanan başga ýerden,
ýurt talanýar, ýurt satylýar,
habar gelýär, gedaý çaga
köpelýärmiş ýylba-ýyldan,
mundan beter näme bolsun,
ýene diýýäs asman açyk,
şükür edýär çykan gaçyp...

Biri diýýär, aý, şeýle-dä,
hemme ýerde mesele bar,
beýlekisi, dil öwrenen,
aýlygy bar, işi gowy,
ýetjek ýerne ýeten göýä,
il kemakyl, ol akylly,
ýatlan bolýar, hä siziňki,
gördüm o gün, hiç çeniň däl,
erni ýetýär gulagyna,
bolup bilşi, hehe-hehe,
sen owarram, öz iline,
ýary işsiz, entäp ýören,
gülýär hatda naçarlara,
nirelerde özün satan,
aýdylan bu öň, ozaldan,
bähbit arar baýlar, begler,
garyplara hupbul watan...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026