Surat

Giň dünýäniň meýletin darlygy

Bilýäňmi sen, adam köplenç meýletin,
öz islegi bilen kör bolýar gözli;
hem güň bolýar, eşitmeýär hiç zady,
ýek ýigrenýär bolsaň dilli hem sözli.

Kaýyl ol çukura girip gitmäge,
ýa süsmäge gara gyýçak diwary;
meýletin körlügiň gyzygam şunda,
ýetmez saňa goja dünýäň azary.

Dogry, ölýän bardyr, aglaýan bardyr,
kömege mätäjem bolmagy mümkin;
emma körden ýardam soramas kimse,
güň görgüliň bolsa özüniňkem kyn...

Bir gezek meýletin kör bolan birni,
güňlüge salýany sakladym ýolda.
Hem diýdim “Nämüçin beýle edýärsiň,
hudaý göz berensoň, gözli bir bol-da!”

Ol diýdi: “Görýäni gaty urýarlar,
kör bolsaň, güň bolsaň, degmeýärler kän.
Bilenden bilmedik ejirsiz ölýär,
şükür, şuňa aklym ýetdi ölmäkäm...”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024