Maska duzagy

Şu gün biziň eýe bolan
hukugymyz uly, kiçi,
ulanýan ýa ulanmaýan,
elimizden alnan haklar,
ýa özümiz ürkek bolup,
agzamaga gorkup adyn,
ýele sowran hukugymyz,
ozal biri ýa birleri,
bahasyny töläp az, kän,
wagtyn berip, janyn ýakyp,
ýaralanyp, bolup maýyp,
garalanyp, ady aýyp,
utanç bolup hossaryna,
zyndanlarda ölüp käsi,
alyp berdi bilmesek-de,
biz olary goramasak,
goran ölse, gelmesek-de,
öz işimiz, aýak gowy
ýüzden bassa näçe diýip,
ýaşaýan kän, ýaşajak kän,
günde dürli maska geýip.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026