Surat

Hakykat duzagy

Eger ýazsaň hakykatyn,
iki, ýeke, ýenjileniň,
ýa diňleseň güýçden gaçan,
halys bolan tirejigi,
at-ýaragyn aldyransoň,
gaýratyny eýer bilen,
üzeňňisi bilen beren,
aýtsa arzyn, sesi boglup,
geplemekden gorkan uzak,
ýetir diýse arzym dünýä,
umyt edip adalaty,
bardyr öýdüp bir ýerde ol,
turup özüň döretmeseň,
ýaratmasaň ýaraýan dek,
senem samsyk bir tarapdan,
ýöne ýazmak ýa gözlemek
hakykaty, kesel, belki,
aý, boljak däl diýip, aglap,
müň ýazyjy goýsa işin,
ýa was etse ezijini,
çöregimi berýär diýip,
bu bir kada, gutulgusyz,
az bolsa-da iliň sany,
galam alyp, çykar biri,
tä ölýänçä soňky diri...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026