Gar duzagy
Adam diýdi irden turup gar ýagsa,
gezim üçin agyr bolsa ýol, ýoda,
oňa derek işikleriň garyny
artmak boldy soňky ýyllar adatym,
goňşy-golam salamlaşýar ýylgyryp,
ir turýanlar bilýär edýän tagallam,
garry-gurty, çagalar bar, daş çyksa,
aýaklary öl bolmasyn, Ýaradan,
diýer diýýän päli düzüw bu bendäň,
diňe gar däl, içde galan aýdylman,
düwün bolan sözler ereýär, janym
hezil edýär, açyk howa, duramok,
tä arkama der gelýänçä, soň gelip,
kofejigim içip, ýazýaryn kyssam,
gutarmajak, belki, soňky deme çen,
şu gün irden käýinç aldym çişirsem,
çişirmesem, iň bärkisi, duýduryş,
biri diýdi gülüp, biziň gapymyz
artylmandyr, alýan hakyň halalla,
ylgap gitdim, hany, nirde, ýene-de,
ýok ýerinden gepe galdym, jan Alla!..