Surat

Dymma duzagy

Sen dymarsyň, söz tapman däl, elbetde,
görüp, bilip, düşündirjek zadyň ýok,
barjak ýeriň duran ýeriňden çukur,
üstesine arabozar bolarsyň,
ýa bolarsyň başga bir zat gepleseň,
boýun almaz edenini adamlar,
urjak bolan, gyrjak bolan köküňi,
boýun almaz gidenini adamlar,
o tarapa, bu tarapa çapalap,
bu adamyň tebigaty, özüni
ap-ak eder, sen bolarsyň goňurja,
soň diýerler giň bolmaly, bu durmuş,
geçirmeli ýakynlaryň günäsin,
belki, bilmän, ýalňyş ýola gidendir,
bir gezek däl, şol bir hüjüm ediler,
ady başga, galyby bir ejiziň,
ynanma hiç biz dogan-a diýýäne,
dilimiz bir, dinimiz bir diýerler,
maksat jandan ileridir ynansaň,
soň diýerler duşmanymyz bir biziň,
birleşmeli, bir bolmaly agzymyz,
görkezerler, garalarlar başgany,
ahmal bolsak bizi bölüp iýerler,
jebis bolup, garşysyna durmaly,
urmaly biz, öňürtmeli, git diýip,
sada bolsaň, ibererler söweşe,
wada berip hiç etmejek zatlaryn,
ýaragyň ýok, ýykylandan almaly,
sypyrmaly aýkgabyn öleniň,
goramaly diýip özümiz, yzdan
öwrederler uruşmagyň tärlerin,
zorlar mydam uzak ýaşar ýok edip,
iliň gowy, ilim diýýän ärlerin.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026