Goýun duzagy

Ýoluň, ýodaň tygyň ýüzi,
aýakýalaň ýöremeli,
gözüň ýumup, aşak bakman,
pikir edýäň, oýlanýarsyň,
barmy dünýäň bir emeli,
hemme üçin, ulanmaly,
o şahyra düşünýärsiň,
bu şahyra düşünýärsiň,
gurjak bolan hökümete,
arasynda aglap çala,
il agysyn baýdak edip,
bäş goşguda, on goşguda,
ýazanynyň köpi ýalan,
kiçigöwün bolan bolup,
oýnan bolup alaçsyzy,
il-gününiň göwnün awlan,
özün aldan, halk şahyry,
il şahyry diýip, bilip,
bolmajagyn bu işiniň,
görüp, synlap aslyşýany,
şahyr boljak bolup, belki,
aljak bolup at, dereje,
ýa ýaşajak has rahat,
beýlekiler, dogan, gardaş,
nepin arar, gerek adam,
goragçysy bolmaly sen,
hatarly ýol, hökümetçi
jellatlaryň eli uzyn,
möjek açdyr elmydama,
bu günäsi goýnuň, guzyň...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026