Surat

Akmaklyk duzagy

Dietrich Bonhoefferiň äheňinde

Biziň, belli, akmaklyga,
halk saýlasa, çärämiz ýok,
millet gowy görse ony,
akyl-huşdan ýüz, müň esse,
peýda etmez oňa kyssa,
peýda etmez oňa goşgy,
delilleriň goý arkaňda,
mantyk däl-de manty bolsa
ulus iliň bar geregi,
iýsin, doýsun, görip bolma,
gazyn ýaksyn, mugt ahyry,
çyralaryn öçürmesin,
eçilýärkä baş aldajy,
suw ölçegsiz, içse, dökse,
aýtma oňa şum habary,
öldürmesin seni üýşüp,
besdir öňki öldürilen,
akmaklygy açyp, aýdyp
adamlaryň kimdigini,
nämedigin oýnatmagyň,
üýşüp bile, eliň çarpyp,
zaýalama sözüňi däl,
hatda sözüň ýeke harpyn...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026