Göreş goşgusy
Sen göreşiň goşgusyn ýaz ir säher,
sen göreşiň kyssasyn ýaz gijagşam,
ol eýledir, bu beýledir, deň bolma,
seretme sen galmagala, drama,
çekjek bolan, goşjak bolan kän bolar,
besdir, köplük boş goşguly şahyrlar,
özün aldap, kowalaşyp gyltyma,
iň soňunda içi aglap, pahyrlar,
ýöne ýüzi gülen bolup ötendir,
sen göreşiň goşgusyn ýaz dem alsaň,
ömür bir ýel, durmasy ýok, ösendir,
doglan günüň başlanandyr bu uruş,
janyň aljak ajal mydam ýanyňda,
daşa gitmez, gözden salmaz, sen huruş,
gara ýeri ýaglamaly bir agşam,
ýatda sakla, ýöne ýaşama gagşap,
sen göreşiň kyssasyn ýaz dem alsaň,
galan ýazgy bederekdir, ýaş ýaşdyr,
düşündirme düşünmedik adama,
ömrün bersin söz, senede, daş daşdyr,
ýa-da her kes öz göreşin göreşer,
öz galyby özüne bap kişiniň,
derejedir göreş diýmek aslynda,
o bir zady togalaýan tomzak-da
öz başaran işin edýär, durmaýar,
sen göreşiň goşgusyn ýaz, eselme,
gara günler goşgy bilen ak bolmaz,
sen göreşiň kyssasyn ýaz, peselme,
göreş otdur, körär, öçer, ýok bolmaz...