Ata duzagy

Biri diýdi seniň ataň,
ölüp ýeten maşynyny,
garrasa-da bermän kimsä,
ýa-da berip, roluny
elde saklap tä ölýänçä,
bir gezek däl, ýa däl iki,
gaýta-gaýta sürse durman,
çagalar bar diýmän ýolda,
ýa bu diýmän obaň içi,
sen ýanynda ogly bolup,
gyzy bolup, ýa agtygy,
ölen, ýiten sanyn bilip,
ýa gaçanyň ýurtdan aglap,
açaryny almasaň oň,
ýa diýmeseň besdir, boldy,
geň görme soň gyzyl ýüzüň,
bolan bolsa, nirde soldy,
ýa-da adyň haýsy oýda,
çöp-çalama siňip galdy...

Ataň bilen maşyn münüp,
gözüň görmän ýeri, gögi,
çagalary, aýal-gyzy,
garrylary basyp geçmek
ýok, ili däl, öz ataňy,
hem özüňi basmak, belki,
ýa bu şeýle bolmalymy,
ili saýsaň elki-selki?..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026