Goşgy duzagy
Sorasalar goşgyň hakda,
gülen bolup, ýa çynlary,
manysyna düşünmedim,
diýjek bolduň anyk näme,
düşündirme eger-eger,
seniň üçin däldir, meger,
ýa ýene diý oka onda,
hiç bolmasa, taşla, belki,
gowy däldir, däldir aýdyň,
günä mende, çünki bende,
bendi menem duýgulara,
öz dünýämde ýaşaýryn,
işlesem-de iller ýaly,
sygmaýaryn her bir ýere,
seniň dünýäň – seniň dünýäň,
o birleri maşyn münýär,
iň gymmadyn alyp, çişip,
bu birleri tapanyna,
ýatanyna öýde agşam
kaýyl bolýar, bu bir kada,
goşgy ýazmak ýa okamak,
seniň üçin bilmeýerin,
bilmeýärin başga üçin,
meniň üçin elimi däl,
ýüregimi çoýmak oda...