Il duzagy
Sen geň görme, gulçulygy,
tabynlygy gara nebse,
gorkusyna, ürküsine,
türküsine bukulmagy
miras alýar adam pahyr,
ýesir düşýär ertekä ol,
düýn-öňňunky, ýa gadymy,
eger berse biraz ýyly,
ojak ýaly, öçüp barýan,
hem ýatladýan hakykaty,
gidip odun getirmeli,
ýogsa üşär çaga, garry,
emma sowuk daşa çyksaň,
erkek özün aldamaly,
aýal özün aldamaly,
garaşmaly başgalara,
ikiýüzli gülüp, aglap,
eger biri garşy çyksa,
dalamaly çar tarapdan,
ol düşünse, ýöne gitse,
soramasa kömek, köpük,
gerek işi özi etse,
hem tokaýda ölse, ýitse,
diýer olar samsyk boldy,
hem guwanar özlerine,
sen diňleseň diňle ili,
ýöne ýylgyr sözlerine...