Göreş duzagy

Bakylyk ýok, garşylyk bar,
göreşiň bar, durmuşyň bar,
sanalgy çöp gutarýança,
göreşiň ýok, durmuşyň ýok,
aldasaň-da özüň monça,
köp bilýänden bolup, gülüp,
seret, olar ýa-da bular,
dost diýilýän ýa-da duşman,
hatda dogan, doganoglan,
üstünligin, ýeňişlerin
näme bilen ölçeýärler,
öwünýärler näme bilen,
käte açyk, göni aýdyp,
ýa ýaşyryp, gytaklaýyn,
ýa kemsidýär olar gülüp,
başgalary, ejiz görse,
bilse garaw görmejegin,
ýa ynansa öz güýjüne,
ýa-da artyk baha berse,
göçýär olar näçe, haçan,
göterilýär haýsy daga,
kül üstünde ýatan wagty,
seret, diňle sözlerini,
ýüzlerini görmeseň-de,
bu görkezer saňa kimler
näme üçin aslyşarlar,
aslyşsalar eger senden,
äsgermezlik etme ownuk,
çüprän ili, oka öňden,
yzdan gelse, ahmal galma,
gutulmak ýok görmän jeňden.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026