Sartr dowzahy

Hell is - other people. Jean-Paul Sartre

Bir otagda üç adam,
daşlaryndan gulplanan,
hakykatda dowzah bu,
ýöne dowzah beýleki,
ýa eýleki adamlar,
meger, şondan her ynsan,
bilip-bilmän başganyň
özi hakda bir gowy
zat diýmegin isleýär,
soň isleýär ikisin,
gaýtalasyn bolmanda,
gerek oňa bugdaý söz,
näme eden bolsa-da,
hatda zorlan, öldüren,
iten ili açlyga,
ýat illerde entedip,
gowy bolmak isleýär,
iň bolmanda diýseler,
ýüzüne ýa uzakdan,
başga birniň ýanynda,
erni gelmez bir ýere,
düwün galmaz ganynda...

Öwgi gerek adama,
hatda ýalan bolsa-da,
bilinse-de aýyby,
beýik diýmeli oňa,
günde ýa-da günaşa,
ýogsa gysýar ýüregi,
taryp, belki, iň ilki
günäliniň geregi...

Bir otagda üç adam,
daşlaryndan gulplanan,
has dogrusy, dowzah bu,
ýöne ot ýok, alawlap
ýanýar her kim içinden,
öz oduna, birisi
diýýär gowy diýäýiň,
suw sepäýiň oduma,
hawa, diýýär beýleki,
sen gowy, hiç gürrüň ýok,
emma pahyr, günäli,
bilýär eden işlerin,
ynanmaýar, diýýär ýok,
gaýtalaýar beýleki,
soň goşulýar üçünji,
ol ýok diýýär ýene-de,
ýöne diýýär gaýtalaň,
durman diýiň gowy sen,
owadan sen bolmanda,
gaýtalaýar adamlar,
dowzah ody içinde,
birden açylýar gapy,
derrew çykyp gaçmaly,
emma hiç kim çykmaýar...

Biri diýdi şol ýere,
dowzahyna Sartryň
geldik, meger, barymyz,
belli eden işimiz,
gowusyndan erbedi,
agyndan kän garasy,
emma gerek gowy söz,
meger, ýürek ýarasy,
aldanmagyn isleýär,
em isleýär azda-kän,
beriň diýip teselli,
aýdaýyň-da, adamlar,
diýäýiň-dä sen gowy,
şükür, il-gün sykmaýar,
salamlaşýar sypaýy,
ýykylany ýykmaýar...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026