Gowulyk duzagy

Gelen köne kitaplary
ýakar, suwa taşlar ýa-da,
zyýanlydyr öňki nakyl,
täze kitap berer ile,
durşy bilen täze akyl,
ýazdym diýip meniň özüm,
okamaly könäň ýerne,
ýa okamaz ýaly eder,
yzdan gelýän nesilleri,
ünsün sowar başga zada,
wagtyn alyp, tora salyp,
diýip tor däl, altyn ada...

Diýer gelen gowy boluň,
jennet ýaly ýurdumyz bar,
kiçigöwün boluň mydam,
eli açyk, göwni açyk,
boluň sada, bolmaň müňkür,
gara görüp gaçmaň, busmaň,
ýürekdäki dilde bolsun,
dogryňyzy aýdyň, susmaň!..

Haýsy döwür, haýsy gurluş,
aýdylýan zat kändir örän,
bol diýerler tämiz saňa,
rehimli, şepagatly,
ýöne seniň gowulygyň,
gönümellik zynjyr bolup,
özüň bogar, ulanylar
öz garşyňa göz-görtele,
gahar etseň ýa gynansaň,
diýýän ýaly içiň ýansyn,
sen ýaşuly, düşünýärsiň,
ýa ýaş bolsaň, geljek öňde,
sen sabyrly bol diýerler,
bol diýerler kanagatly,
näçä gowy boldugyňça
erbet bolar halyň seniň,
o birine, has gerekdir,
eltip berip malyň seniň,
a özüňe, ilki jomart,
soň diýerler ile garşy,
ugradarlar Sibir taýa,
wagtyn bilmän, ýerin bilmän,
aýtma sözüň, hasabyn et,
etme özüň, ömrüň zaýa,
bil pikiriň, düşünjäňi
aýdan wagtyň kime peýda,
özüňemi ýa olara,
biparhlygy edinme ýoň,
eger zyýan çekseň mydam,
görme muny iliňden soň!..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026