Ygrar duzagy

Wepaly bol, ygrarly bol diýseler,
sen düşünme il-günüňe ygrarly,
ýa kanuna ýazylmadyk, ýazylan,
ýa şu günki hakykata, düýnki däl,
bolmaly men, galmaly men ygrarly,
bu başga zat, o diýilýän başga zat,
uly bähbit, kiçi bähbit oýny bu,
seni ula goýbermezler ap-aňsat,
bu aýlawda, dar çygyrda gal diýip,
gönülemez olar, düşündirerler,
ar alarlar girip içki jübiňe,
ýa saçakda soňky gatlaklyň iýip,
ýa-da jaýyň, ýeriň bolsa, eliňden
alyp berip başga, gülüp alana,
edermenlik bilip talasa birin,
sen iliňe, düşünmeýän, düşünýän,
ikisi-de ýesir bolan ýalana,
hyzmat etseň haýyn bolarsyň hökman,
wepaly bol diýýän, gorkup serçeden,
ýaşa diýýär, bilseň, daryňy ekmän...

Sen olara sorag berip bilmersiň,
gadyr bilmez, belki, gelip arkadan
pyçak urýan diýip satarlar seni,
diýerler okatdyk, bilimli etdik,
indi bize müňkür bolýar utanman,
görkezerler barmak bilen millete,
bütin ömrün sorag bermän, çekinip,
gorkup, ürküp, müýnli bolup ýaşan il,
sabyr eder sabyr gerek diýseler,
kanagatly ekin ekip, mal bakyp,
ogul-gyzyn saklap okuw, bilimden,
diňe diplom alyp berip owadan,
diýeninden çykma diýip döwletiň,
gapan gurar çagasyna gapansyz,
düşün diýip näme etse haky bar,
durjak bolsa, galjak bolsa ýerinde,
seni kütek, ýiti ýarag edinip,
saňa garşy, özün goramaly ol,
el bolarsyň, nätjek, öz-özüň bogan,
goşgy ýazýan, aýdym aýdýan ýalbarar,
ertir-agşam tabyn bolaý, jan dogan!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026