Garyplyk duzagy
Bähbit tapan gowy görýär,
näçe bolsa garyplygy,
il boýnuna syrtmak bolan,
ony gorap saklamaly,
köpeltmeli görünse az,
goşun çekip, ok-ýaragly,
türmeleri gurup uly,
jezalary berip agyr,
prokuror, kazy bilen,
ady hukuk goraýjylar,
ýa kanunyň goragçysy,
hakykatda ýok adalat,
ýazylanyň bary ýalan...
Döwlet bolsa, baýlyk gerek,
gerek peýda, çykdajy däl,
gerek soňsuz rahatlyk,
pukaralyk diregi oň,
garyp, mätäç, sowatsyz il,
mekdeplerin ýykan özi,
näçe bolsa, şonça gowy,
çünki baýlyk çeşmesi ol,
kim işlejek iki şaýa,
garyp edip, mätäç edip
saklamasa hökümetler,
biri gitse, başga gelýän,
il barly däl, barsyz bolsa,
şonça kän bor içi gülýän...
Görip bolar garyp adam,
içigara bolar örän,
ilden görer garyplygyn,
elden gelse her zat etjek,
biri-birin baýatjak däl,
mätäç etjek bolar millet,
aşak çekip aýagyndan,
döwlet ilden çeker minnet,
düşünýär ol örän gowy,
gözün açsa kitap berip,
boş kitap däl, dolusyny,
çagalara ýaşlygyndan,
ulalanda etjek işin,
gitjek ýolun biljek olar,
belli, garny doýjak soňra,
netijede agyr işler,
aýlygy az bolsa beter,
ediljek däl, galjak ertä,
gidiljek däl, azaby kän,
güzaby kän ýumuşlara,
mal yzynda mala dönüp,
ekin, dikin diýip irden
turuljak däl, sürüljek däl,
sürgünlere, gözsüz ýaly,
bugdaý, pagta hasyllary
ýetişjek däl beýle arzan,
gülkünç, käsi ýokardaka,
ýzan bolýar aglap arza...