Mif duzagy
Ösüş mifi saňa çörek,
çaý bolmaýar belli, oglan,
emma ejeň otur diýýär,
kakaň diýýär gitme, barma,
goşulma hiç syýasata,
gerek bolsa satarys biz,
sygyrymyz, gölesini,
okuwa gir, çärä gatna,
gaty kagyz gazanjak bol,
Alla bardyr, asmanymyz,
şükür, örän arssaja...
Il saýlady ýol-ýodasyn,
ýaş-ýeleň ýok, ýa-da goja,
ösüş mifi çörek berer,
sabyr etse, belki, aja...