Il duzagy

Men ilimi gördüm içinden örüp,
adamlary, gara ýer deý diýilýän,
soňra geldi garaşsyzlyk, gara gün,
gördüm daşdan, ýat ülkeden seredip,
diňledim men aýdymlaryn halkymyň,
aýdylmadyk, çalynmadyk sazlaryn,
doýup bilmän, gepleýäniň geplemän,
gürrüňlerin diňledim men uzakdan,
gaçdym gelip bir-birine içaly,
ýene bir zat diýýänleri diňlemän,
hem ýurduma gitdim günde, gijagşam,
iki minut, ymyzgansam az pursat,
hyýalymda gagşap käte gyşyndan,
käte başa çekdim bahar, ýazlaryn,
ogurlanan atym alyp gaçanda,
uzak ýurtda ýumup gözlerim uzak,
ýatdym ýene, bir ýyl geçdi ömürden,
agaranly jamy uzatdy ejem,
düýeçalsyz tomsum geçmez diýerdi,
aljak boldum, pikir edip doýmaýan,
gaýyp boldy, döwlet aldy ýerini,
halk duşmany, düzüw adam goýmaýan...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026