Ejizlik duzagy
Saňa hormat, sylagsyza,
gülen bolýan ýa gygyrýan,
pursat arap, bir ýerlerden,
garama sen gaharly hiç,
adam gowy, maglumatyn
berse özi, ir ýa-da giç.
Ol seniň däl, öz-özüniň
aýbyn açýar, gorkup, belki,
öz ýanyndan öňürtiläp,
gylyklaryn görkezýär ol,
terbiýesin, gelýän ýerin,
hem görkezýär, senlik däl ol,
ilki özün sylamaýar,
äsgermedik bolup, gülki,
howuň basjak bolan bolup,
güýçliniň däl, zat diýmeseň,
uzyn bolar gowşak goly...