Ýalan duzagy
El ýeterde, dil ýeterde,
çagyrsalar, ylgap gelseň,
gaýym bolsaň her ýumuşa,
ir-le diýmän, diýmän giç-le,
telefony alsaň mydam,
iki gezek jyrlamanka,
arzanladyp özüňi sen,
satan ýaly öňki, soňka...
Ýylgyrarsyň ýalan, emma
ýürek biler hakykaty,
bahaňy bil, aýtmasaň-da,
soň aglama öz-özüňi,
her bazarda aňsat satyp...