Bolşewik duzagy

The wound is the place where the light enters you. Rumi

Saňa düzüw ýaşamak,
işiň etmek bolmaýar,
ýa dynç almak adam dek,
eklemeýär aýlygyň,
çagalaryň aç bolýar,
diýmek, çepe gitmeli,
aýlanmaly kanundan,
ýa aç-açan, paýlaşyp,
başga birin ütmeli,
köçede ýa gowaça
meýdanynda, adat bu,
dessury bu milletiň,
eýerýäni alaçsyz,
çekip müýnden minneti.

Döwlet seniň erkin däl,
gul bolanyň isleýär,
basyp alan öwretdi,
gana çaýkap ýurduňy,
dili gysga bolmaly,
başyň aşak salmaly,
göz öňüňde hemişe
gyrp-çyrp eden ýerleriň,
utanmaly, açsalar
açyk aýbym näderin,
iberseler gelmeze,
aýak sallap giderin...

Saňa düzüw ýaşamak,
işiň etmek bolmaýar,
gelşi ýaly içiňden,
kanunlary öwrenip,
seretmeli daşyňa,
töwerege, dinden çyk,
emma çykma iliňden,
dogry sözi içde goý,
gerek gelsin diliňden,
başlyklara ýaraýan,
ýoluň açýan, ýapýan däl,
derekleri paltalap,
dil tansyny bilmeseň,
gowy işgär diýmezler,
dokluk näme diýdirmez,
açlyk näme - iýmezler...

Köplügi goý obada,
şäherlerde, bisowat,
ýa mekdebi ýumuran,
orta gatlak emeli,
çagalaryn okadan,
öý işlerin barlap däl,
tanyş görüp, el ýaglap,
ýazyjysy, şahyry,
gara nebsiň ýesiri,
üstesine at gerek,
şöhrat gerek egsilmez,
gybat eder tutulsaň,
dogry ýola çykaňda,
giňän ýaly ýerleri,
gitseň, diýer gelmesin,
bolşewigiň her şeri,
ne beýni bar, ne ýürek,
saňa düzüw ýaşamak,
pikir et, nämä gerek?..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026