Akylly iş

Komissiýa işläp otyr,
başynda dur KGB, bet,
göwnün awlap başlyklaryň,
bellisi ýok kim esasy,
'ç' diýmänkä çaýyn demläp,
komsomoldan galan endik,
düşünse-de edýän işi,
SSSR-de bolşy ýaly,
ýurdy ýykmak içden üýşüp,
isleglerin bilip diňe,
öňe diýse diýip öňe,
komissiýa işläp otyr,
çekýär yza ulus-ili,
kitap goýman okar ýaly,
gazet-žurnal çyksyn, ýöne
kelte bolsun çynyň dili,
tekiz bolsun teatrlar,
elin çarpsyn gelen, öli
artistleri tanap bilmän,
ýalan sözläň, emma gülmäň,
goý, aç bolsun, maksat jandan
ileridir, iş ýerlerin
ýapyň, depiň iş soranyň
ýeňsesinden, wezipe şu,
ol gadagan, bu gadagan,
gara sanaw bolsun uzyn,
ogry-jümri ýaýnap gezsin,
syýasata goşulýança,
dogry sözün aýdýanlary,
nirde bolsa tapyň, basyň,
kanun diýse, asyň ýüpsüz,
ýazylmadyk kanun bular,
işläp otyr diýen edip,
baş başlygy ýykýar olar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026