Açlyk mekdebi
Bilip ýalan sözleýäne,
gülüp daşyn gözleýäne,
ýok diýesiň gelse gelsin,
sen hawa diý, ile seret,
seret dünýäň gurluşyna,
senden uly, kiçiler bar,
köpi gören, azy gören,
görenine düşünýän bar,
düşünmeýän başga gürrüň,
bu bir adat öňden gelýän,
ýüzler otdan yssy bolar,
üstesine okuw, işiň,
aljak bahaň, aýlyjagyň,
her ädimiň bagly bolsa,
barjak ýeriň, durjak ýeriň,
ýa-da näçe saklanjagyň
töwerege, biçýän donuň,
peşe bolsa, pil aga diý,
hä, hawa diý, ýylgyr ýalan,
oňatlyga ýorup bolan,
boljak zadyň ählisini,
iň esasy dogry sözüň,
dogry ýüzüň bolmaly däl,
diý sen muňa sypaýylyk,
çeýelik diý o bolmasa,
adam köplenç iň esasy
kaýyl bolar aç galmasa.