Milli gurjak
Sen öz halkyň arak bilen,
tirýek bilen bozulýanyn,
üzülýäniň bir-birekden,
kanun ýarag bolup ýagyň
elindäki, agzyndaky,
para bilen, peşgeş bilen
gutarana okuwlaryn,
gara gargaň han bolanyn,
uçup gidip ak guwlaryň,
Garaguma, ota, çöpe
kanal gelip, döw çalanyn,
aç galanyn pagtaçynyň,
bilip, görüp, zat diýmeseň,
oýnan bolsaň oýnan bilen,
göwnün awlap pullyň, mesiň,
gurjak bolsaň arzan, gymmat,
gara günüň, çörek üçin,
arak üçin, ümezledýän
gözleriňi, görmez ýaly,
ýatar ýaly ejir çekmän,
dogry, hüjüm etmeli bor,
il ogluna, ýeke galan,
gömmeli bor ony üýşüp,
gaçsa hatda ýat illere,
bu tabşyryk iň ýokardan,
aýdylmanka düşünmeli,
ilim diýip aglaýanyň
soldurmaly gyzyl ýüzün,
ýarag edip ýalan sözüň,
diri galsa, ýesirlikden
boşardar ol ogul-gyzyň,
ezileniň açyp gözün.