Nobatdaky hudaýyň garaşsyzlygy
Berzeňňide ýer berilse,
begenipdik bag ekip,
jaý saljakdyk, ýer belläpdik,
üzüm ekip, saýasynda
oturjakdyk daş çykyp,
çaý içjekdik dostlar bilen,
dogan-gardaş ýygnanyp,
ýok, bolmady, Sapar urdy,
päli ýaman, bag ekjegi,
öndürjegi önüm, alman,
ogurlaman ortalykdan,
sowetlerde adat bolan,
Lenin hanyň sözi ýaly,
ýer diýleni çykdy ýalan,
ýalan çykdy ähli kanun,
kadalary ýok döwletiň,
göwnümizde gurlan diňe,
yza çekip ulus-ili,
oýnaýarlar diýip öňe!..
Ozal gawun-garpyz eken,
kakly, sökli milletimiz,
maly bolan, haly, kilim
getirmedik ýat illerden,
döwlet ýokka döwülmedik,
ata çykyp, goran ýurdy,
gyrylsa-da duran, galan,
indi döwlet guly bolup,
gowaçasyn ekip onuň,
pagta ýygyp, berlen ýerde,
gyrak-bujak, ýap boýunda
kädi, jöwen ekip bilmän,
mallary aç, gyşda, garda
öljek galsa iki gije,
ýandak ýygsa asy bolup,
aç daňyldy, ýesir boldy,
gaçan gorkýar seretmäge,
gelmäge däl, yzyna, bak,
hudaý bolan diýýär diňe,
bolany, diý meniňkä hak!...