Sen ýurduňa gowy bolsaň...
Sen ýurduňa gowy bolsaň,
Ýurduňdan gidip bilmersiň;
Sen iliňe gowy bolsaň,
Ilden daşlaşyp bilmersiň.
Dogry, açyp bolar ara,
Galyp bolar uzaklarda,
Emma pikir-oýuň galar
Göbek ganyň daman ýerde.
Gowy bolsaň özüňe sen,
Gitmersiň özüňden, walla;
Adamzady ýaradanda
Düzüw etjek bolan alla...
Gowy bolsaň beýge eger,
Gitmersiň ugruna pesiň;
Ýaman üçin on-ýigrimi
Gözel ili ýigrenmersiň...