Surat

Okuwly maslahatça berilmedik jogap

“Towşana dogduk depedir”,
Hak aýdýarsyň, gardaşym!
Ýöne Ýowşana däl ol,
Eger şeýle bolan bolsa,
Ony sogrup zyňmazdy hak
Öz gögeren düzünden,
Gan akdyryp gözünden...

“Towşana dogduk depedir”,
Söz ýok muňa, gardaşym,
Emma Ýowşana däldir;
Eger şeýle bolan bolsa,
Gitmezdi ol beýle daşa
Enesini agladyp,
Atasyny agladyp,
Inilerin, uýalaryn,
Zar etmezdi gardaşa...

Dogry, sen okuwly adam,
Hem bilýänsiň nakyl baryn;
Ýöne hemme çökmez dyza,
Bolar goran namys-aryn...

“Towşana dogduk depedir”,
Hak aýdýarsyň, gardaşym!
Ýöne Ýowşana däl ol,
Eger şeýle bolan bolsa,
Hak ýürege salyp ýalan,
Çykarardy ýokaryk;
"Aýt - diýmezdi - soňuna çen,
Hak sözi, agladyp ejeň!"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024