Hassalyk

Derdiň özüň öwmek bolsa,
Mazamlatmak bolsa birne,
Her ýalana begenjiňden
Ýyrtylara gelse erniň;
Uklap bilmeseň öwdürmän,
Ýanyňdaka diýseň “öwäý?!”,
Soňsuz aklasaň özüňi,
Öz-özüňe geçseň güwä,
Emma baş goýsaň ýassyga,
Bagyrdadyp gara bassa,
Bilýänsiň sen müýnüň, şepe,
Hem şondan bolansyň hassa!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024