Surat

Sen öz sözlän sözüň ýürekden sözle

Sen öz sözlän sözüň ýürekden sözle,
Dilden ýa-da dilujyndan sözleme,
Kiçi dilden bärde dür saçma soňsuz,
Çünki dilde aýdylýan zat kän örän,
Mysal üçin, “halallygam” diýilýär,
Diýilýär “adalatam”,
Emma şol sözlere bukulýan adam
Nirede bir haram bolýar ertesi,
Iýýär ýetimiň hakyn,
Naçarlary talaýar,
Zorlaýar öz ilini,
Gara güýje daýanyp,
Şondan “Dil bir öl ýere
biten zatdyr” diýýärler;
Sen öz diýen sözüň ýüregiňden diý,
Dilden diýme, “I love you”
Diýlişi deý ýalandan,
Sen öz söýen zadyň ýüregiňden söý!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019