• Türkmençe
  • English

Ýowşan Annagurban

Bölümler
  • Goşgular
  • Poemalar
  • Hekaýalar
  • Makalalar
  • Bellikler
  • Portretler
  • Terjimeler
  • Media
  • Ses ýazgylary
  • Suratlar

Garyplyk adama hudaýdan gelmez

Garyplyk adama hudaýdan gelmez,
Adamdan geler.
Emma adamy aldarlar,
Hudaý berýär diýip baýlygy baýa.
Ol ynanar akmak bolsa, elbetde,
Hemem galan ömrün eder gyr-zaýa.

Dogry, deň ýaratmaz hemmäni hudaý,
Beýikli-pesli ýaradar.
Ýöne syna sagat dogulsa adam,
Aň-üşügi bolsa, okasa, össe,
Hudaýy günäläp bolmaz bir zerre,
Nirede bir kümsük ýoluny kesse.

Nirede bir kezzap baý bolsa hemem
Bar-ýoguňy garbap alsa eliňden,
Nireden günäkär bolýamyş hudaý,
Bilýärmiň sen ne çykýanyn diliňden?

Akyl adam akylsyza aldatmaz,
Emma aldanan bor alaçsyz käte.
Daşyndan zeýrener gara maňlaýdan,
Içinden aldany ýigrener öte.

Garyplyk adama hudaýdan gelmez,
Adamdan geler.
Geler doýmaz-dolmaz açgöz sürüden,
Agzy ýetse, iki egnini iýjek,
"Hudaý" diýen bolýan dilinde diňe.
Adam bolan adam bilýändir muny,
Adam bolan bildir seretseň siňe...

  • 29.06.2013
  • Goşgular
Bölüme soňky girizilenler
Adam seniň obadaşyň 12.02.2019
Adam ýasawy 12.02.2019
Jemgyýet we jellatlar 10.02.2019
Beýik döwür 09.02.2019
At müneniň ahwaly 05.02.2019
El çarpyjy problemasy 31.01.2019
Paýlaş

Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.

  • RSS

annagurban.com copyright © 2006-2019