15-nji aprel, 15 ýyl ozal...
15-nji aprel, 15 ýyl ozal,
Töhmetçi döwletden gaçypdym gaty;
Hudaýym, bar bolsaň bir ýerde eger,
Görkezme adama beýle kysmaty?!
15 ýyl, bir gije “Watanym” diýmän
Gözümi ýumanym düşenok ýada.
Ýurduňda köp bolup bassalar aşak,
Ýat ilde ýalňyzlyk getirýär dada.
15 ýyl bir säher, yzyma bakman,
Hudaýy çagyrman çykmadym ýola;
Arman sol diýenim sag bolup çykdy,
Sag diýip ugranym öwrüldi sola.
Bir gün, Eziz oglum, suratyn alyp,
Getirdi-de berdi Watan howasyn;
Gojalan atamyň ýüzüne bakyp,
Gana gömdüm gözlerimiň owasyn.
Kitaplarmy, samanhana taşlanan,
Görüp gara başym egdim aşaga;
Eger akyl şeýle gereksiz bolsa,
Biziň entek menzilimiz daş, aga...
15-nji aprel, 15 ýyl ozal,
Töhmetçi döwletden gaçypdym gaty;
Hudaýym, bar bolsaň bir ýerde eger,
Görkezme adama beýle kysmaty?!