"Gözli pahyr"

“Bir gözli diýmese: garadyr, akdyr,
Kör pahyr kümüşi, misi näbilsin?”
Magtymguly

Mesele-de şunda, şahyr,
Kör pahyr bilmez olary.
Ýöne gözli ýok ediler,
Görkezýär diýip şolary.

Ýa-da oňa görenini
“Görmedim, dat!” diýdirerler.
Kör pahyra gözli diýip,
Gözliň gözün iýdirerler.

Şeýdip gözli görenine
Ynanmasyn goýar ahyr;
Batyl bende başyn ýaýkap,
Diýer oňa: “Gözli pahyr!”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019