Kyn bolsa-da

Her neneňsi kyn bolsa-da,
Agyr bolsa-da näçe,
Gowulykda galmaly,
Saklanjak bolmaly bolman
Erbetlikden, peslikden,
Iki eliň bilen goldap,
Goşulyp gitmän ogra,
Ýakyn durmaly dogra,
Bar bolsa biri,
Ýa-da özüň dogry boljak bolmaly,
Basmaly-da aşak gara nebsiňi,
Islegiňi, arzuwyňy gutarmaz,
Aňyrsy görünmez gara gije dek,
Sebäbi bu zerur gowy bolmaga,
Iň bolmanda erbet bolman galmaga...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024