Ýaradandan dilemeli zat

Sen bir iliň buýsanjy
Bolup bilmän bilersiň,
Sen bir iliň begenji
Bolup bilmän bilersiň,
Ýöne bolmajak bol utanjy iliň,
Utan utanç getirmekden,
Ar getirmekden ile;
Sen bir iliň guwanjy
Bolup bilmän bilersiň,
Emma gynanç bolmajak bol,
Bolmajak bol gaýgy-gam,
Ýa bolmasa ýaradandan
Mal-dünýe däl, şuny dile!

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019