Adamyň tebigaty

Kitap ýazsa her kes özi hakynda,
Elbetde, öwüner, magtar özüni.
Şondan hudaý üşük beren her kime,
Terezä salmaga eşden sözüni.

Adam ýalňyşyny ýazmaz, görkezmez,
Gorkan, ürken ýerin ýaşyrar ýaman.
Nätsin, satjak öwmeli bor malyny,
Heýem öz atyňa diýlermi çaman?..

Heýem özün garalarmy adamzat,
“Jan gerekmi, pyçak?” diýmese biri?
Parhy bolmaz, samsyk ýa-da akylly,
Hoş söze ýa öwgä mätäç bor diri...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019