Ol bir begiň dowamydy

Ol bir begiň dowamydy,
Begligini aldy aga;
Ol bir baýyň dowamydy,
Baýlygyny aldy aga.

Ýeriň bary döwletiňki,
Suwuň bary döwletiňki;
Ata çykan agdaryldy,
Oturanyň agdy eňki.

Ozal Mekgäň duran ýerne,
Meskew geldi aňda şeýdip;
“Ýaşa Lenin, Kompartiýa!”
Telpekli il papak geýdi...

Ol bir begiň dowamydy,
Begligini aldy döwlet;
Ol bir baýyň dowamydy,
Baýlygyny aldy döwlet.

Bir usuly saklanmagyň,
Gygyrmaly gygyrmala:
Çaglarňa öwret, tabşyr,
Gygyrmasyn çala-mala.

Onsoň ogly, soň agtygy
Endik edindi ýalany;
Ol bir begiň dowamydy,
Gulçulyk miras alany...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019