Takyr

Bu takyry taňry şeýle
Tekiz ýaradypdyr, walla.
Bärsinden baksaň dikanlap,
Aňyrsy galýar salgymlap.

“Edil aşyk oýnaýmaly!” -
Geň bir pikir gelýär başa.
Dürbi tutup seredýärsiň,
Gara gözläp, ýakyn-daşa.

Ilkiler syçan, alaka,
Ýa atýylman görünerdi.
Indi zat ýok, hopugýarsyň,
Unutjak bolýarsyň derdiň...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019