Ýylan ýyly

Ýylan ýyly, diýdi biri,
ähli syçan, alakalar
kyn-gyssaga düşjekmişin,
iň bolmanda, öňki ýaly,
aljak dälmiş islän işin,
ammarlarda, galla doly,
para berip özi ýala,
ýa-da görüp tanşyň tanşyn,
bu bir myş-myş, ýalan, belki,
men-ä, çynym, hemme üçin,
saglyk bolsun diýýän ilki.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025