Gowy döwür
M.Žwaneskiniň äheňinde
Öň bir zaman akyllylar,
elde saklap dünýe malyn,
kime näme berse berip,
dolandyran bu dünýäni...
Kyn bolupdyr o döwürler,
çünki olar, ýiti kileň,
akyl satyp mynny-mynny,
mejbur edip kütekleri,
okadypdyr kitap baryn,
güzap berip pahyrlara,
azap berip gije-gündiz,
iň ýamany, ýat tut diýip,
tüňňi, saňňy goşgularyn
beripdirler şahyrlaryň.
Indi başga döwür geldi,
seret, synla şa, soltany,
tüýs diýleni boldy munda
sürýär, bilýäň, kim döwrany.
Dagy näme, olar köplük,
goldawçysy ýetik örän,
indi azlyk, paýhaslylar
öwrenýärler geplemegi
düşünerler ýaly şolar,
kellesine agram salman,
eger begler düşünmese,
garamaýak aýlyk alman,
işsiz galyp gara günde,
gaty gitse, akyl satsa,
aýagyna salnar künde.
Ozal, dogry, kütek pahyr
ejir çekip, hor bolardy,
indi akyl-huşly pahyr,
gije-gündiz ahy-zarda,
ýöne gowy, kän däl olar,
diýmek azlyk ejir çekýän,
öňki ýaly köpçülik däl,
ýöne göwün biraz çökýär.