Gara goýun kyssasy

Bar illerde alynmaly,
bilinmeli sapak, käte
gara goýun diýilende
kän ak goýun düşýär ýada.

Olar köplük elmydama,
çopan näme etse kaýyl,
baş atýarlar diýse näme,
otlamaly, soň ýatmaly,
emma gara goýun höçjet,
süri bilen sürlüp gitmän,
durjak bolýar diýen etmän,
gümürtiklik görse öňde,
hem mäleýär zary-girýan,
arman süri, ýüzde, müňde,
ýa ýüz müňde gutarmaýan,
bozgak goýna gulak asman,
başyn egip, ýüzün açman,
baş çopany diňläp diňe,
gidip barýar öňe, öňe!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025