Ýalan ýazyjy
Türkmen ýazyjylarynyň 1991-njji ýylda geçirilen iň soňky gurultaýynda öz senetlerine garşy bolan ýazyjy-şahyrlaryň ruhuna bagyşlanýar
Özi ýazýan garşy bolsa,
başga sözi aýtsa biri,
tursa biri ylalaşman,
şalar ýaly basyp ony,
dilin kesip, jaýlap diri,
mamla boljak bolýan bolsa,
ýazyjydyr zoraýakdan,
erkinligi goran bolýan,
goldan bolýan aýdylmagyn
başga sözüň hökümdara,
dymdyrasy gelýän ýa-da
diňe özün wasp etdirýän,
näme eder başga adam?
Özi ýazýan garşy bolsa,
ýaşlygyndan höwes edip,
başga biri galam alsa,
basylýarka ili aşak,
pagta ýygyp, ot-çöp daşap,
eýdip, beýdip ýerden galsa,
çykyp gelip obasyndan,
galyp, belki, içde oba,
şäherleşmän, zäherleşmän,
zäherlenen hakykaty,
ters öwrülen ýüzi birçak,
uly söze diýip toba,
iliň gözün açjak bolsa,
ýa ymtylsa erkinlige,
süri bolman süri bilen,
özi ýazýan garşy dursa,
başa-baş däl, köpläp ursa,
ýazyjy ýa şahyr däl-de,
şalar ýaly töhmet atyp,
ýazyjydyr zoraýakdan,
iýjek bolýan diňe ýatyp.