Aýdylan söz
Orta çykan, galam ogly,
ýüpi iň bir kelte daňlan,
sen nämesiň, ýa men näme,
diýýär özi bolup aňlan,
ýa düşünen ezijiniň
mantygyna, ýolun baglap,
ilin eden gara maňlaý...
Akyl satýar, özünde ýok,
bolsa, belki, dymardy bek,
kim sen, näme onuň ýanda,
ýetjek hemmä töhmetleri,
türmeleri dar bolsa-da,
ýazgarmagyň deregine,
galamyny çekip gandan...
Dogry, gargyş diňe baryp,
gargalany tutmazmyşyn,
gelermişin yzyna-da,
ýöne ejiz, urlan, naçar,
öýke, kine gapan gözün,
näçe akyl, nesihat ber,
almaz yza aýdan sözün.