Hökümet we goşun

Lew Tolstoýyň äheňinde

Hökümete goşun gerek ozaly,
goramagy üçin halkyndan ony,
basylan hem gul edilen raýat,
bilip bolmaz, birden gaýnasa gany,
besdir diýip çyksa köçä, gitmese,
urar ýaly, gyrar ýaly milleti,
goşun gerek, güýji ýetse, ýetmese,
adam ýaly saklamaly, bakmaly,
ýöne goşun, gara garny doýmasa,
alajy ýok, ezijini ýykmaly.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025