Ýol hakykaty
Sen adama ýylgyrarsyň sypaýy,
ýüzüň ýüze düşse, pete-pet gelseň,
tanyşmy ýa nätanyşmy, ýat ilde
baş atarsyň baş atsalar sypaýy,
salam berse, salam alar geçegçi,
ýa öňürdip, salamyňy berersiň,
seniň ony sylaýanyň üçin däl,
onuň seni sylaýany üçin däl,
eger özüň özüň sylaýan bolsaň,
öwrenersiň, gowulygy alarsyň,
kimde bolsun, kimden gelsin, parhy ýok,
gaýtararsyň soň gezegiň gelende,
ýat, keseki, ýakyn çyksa öňüňden,
okapdym bir ýerde, ýadymdam çykdy,
dagda gowak tapan, odunly içi,
gitmänmiş öň odun goýman ýerinde,
buýmanymyz şondan ojagmyz öçüp.