Täze ýyl arzuwy
Seni sözüň bilen ýaratdy hudaý,
Sen sözüňi öldürtme!
Seni özüň bilen ýaratdy hudaý,
Sen özüňi öldürtme!
Sen bilýärsiň ýagşy näme, ýaman ne,
Emmaki bilmedik bolýarsyň gorkup;
Sen bilýärsiň dogry näme, ýalan ne,
Emmaki aňmadyk bolýarsyň parhyn.
Sebäbi bileni bilinden urup,
Ýok edýär zalymlar ejizläp, köpläp;
Olar bar barlygy aljak başarsa,
Galak-gaçagyny äkitjek çöpläp.
Seni görküň bilen ýaratdy hudaý,
Sen görküňi öldürtme!
Seni erkiň bilen ýaratdy hudaý,
Sen erkiňi öldürtme!
Sen bilýärsiň adam diňe pyçakly,
Taýak-tüpeň bilen öldürilmez täk;
Ony öz-özüne garşy goýarlar,
Gara nebse gul ederler bolsa päk...
Sen özüňi öldürme!
()