26-nji dekabr, 2012.

Ýowşan Annagurban
Göribiň gaýgysy
Görip seniň niýetiňe sereder,
Päliňe sereder, ýagşymy, ýaman?
Göýdük bolsaň, beýle azar edinmez,
Emma ýüwrük bolsaň, etjek bor çaman.
Ir säherler mellegiňde açylan
Gyrmyz güle gara diýip gygyrar;
Ýöne görip diňe güli agyrtmaz,
Gülden beter ilki özi agyrar.
Diýseler bir iliň başynda nadan,
Ýa-da ýeri gaty, şondan kösenji.
Ynanma, göriplik gözün gapmasa,
Gedaý saklap bolmaz garryny, genji.
Päli düzüw adam, gowyny goldap,
Ilki öz-özüne ýagşylyk eder;
Bilýäňmi, bahylyň gara gaýgysyn?
Ýagşyň ýeňmeginden eder ol heder.