Söz jezasy

Siz olaryň sözlerini,
ýalan-ýaşryk, ýarym dogry,
bolan bolup çaga, ogry,
alan ýaly artyk süýji,
ne diýseler, ýuwutmaly,
baş atmaly zary-girýan,
ýogsa birden, dem salymda
tire satan bolarsyňyz,
bolarsyňyz gelip yzdan,
gapyllykda pyçak urýan.

Siz olaryň sözlerini,
düşünseňiz, ýa düşünmän,
sorag bermän, diýmän näme,
ýuwutmaly, baş atmaly,
ýogsa birden, dem salymda
gadyr bilmez, basmaçy ýa
halk duşmany bolarsyňyz,
soň kynlaşar ýagdaýyňyz,
daşyy çola galarsyňyz.

Siz olaryň sözlerini,
gowy bolup, erbet bolman,
sorag bermän ýuwutmaly,
ýogsa birden, dem salymda
sebäp tapyp ýüpden ozal,
agaç edip, ýokdur sany
ýüzüňize durjak janyň,
diýdi diýip ony, muny,
taýyn bolar ähli kanun,
anti sowet bolarsyňyz,
bolarsyňyz rusofob,
pesi on ýyl alarsyňyz.

Siz olaryň sözlerini,
suwsuz, sölsüz ýuwutmaly,
baş atmaly, ýylgyrmaly,
wagşy diýse ata-babaň,
biz bolmasak, boşan ýaby,
ýiterdiňiz çölde galyp,
ýok diýseňiz, bu beýle däl,
başgany däl, çagaňyzy
kyn ýagdaýa sararsyňyz,
iman näme, bilip bilmän,
yslamafob bolarsyňyz...

Siz olaryň hakykatyn,
sözlerini ýuwutmaly,
diplom alyp, bolsa pully,
pyýadanyň gepi bolmaz,
mamla mydam aty jully,
ýa ýaragy gurat bolan,
nökeri kän olja alan,
geler, basar, tutar, alar,
ne mal galar, ne-de ýeriň,
agzyn açan şübheli bor,
ýa şärigi gara şeriň,
ýa-da bolar anti adam,
ýagşylygy bilmez, görmez,
bu kän öňden duran durmuş,
adam sözün saýlamaly,
dilli doglan, hudaý urmuş.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025