Gynançly salam

Aý, adamdyr, çig süýt emen,
sowet soňy pidasy, giç
pikir edip, düşünmesi
okan zady näme hakda,
ýa düşünip, aňryk geçen,
özüm ýaly mysapyr, daş,
uzak ýurda gaçan, göçen,
deň bolmaýyn diýersiň sen,
ýa diýersiň gep bolmaýyn
barly-ýokla özümçe kän,
ýat illerde set galmasyn,
arasynda aç-hor bolsa,
nana däl-de, bugdaý söze,
gysganmarsyň, emma pahyr
gaçar ýaly eder görseň,
geçirimli bolsaň – gowşak,
samsyk saýar salam berseň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024